Ýewro-2020: Belgiýa Portugaliýany ýaryşdan çykardy

28.06.2021, 01:1011,092

Ýewropa çempionatynyň 1/8 final tapgyrynda Belgiýa Portugaliýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda belgiýalylaryň derwezäniň içine tarap depen ýeke-täk urgusy ýeňiş getirdi. Goly Menhengladbahyň «Borussiýasynyň» ýarymgoragçysy Torgan Azar (Eden Azaryň kiçi jigisi) geçirdi.

Portugaliýalylar gol salmak üçin aşa köp mümkinçilik döretdiler. Olar köp sanly statistik görkezijiler babatda garşydaşyndan üstün geldiler.  Emma bu artykmaçlygyny gola geçirip bilmediler.
Şeýlelikde, Kriştianu Ronaldy milli ýygyndysy bilen bilelikde Ýewro-2020-ni terk edýär.
Indiki tapgyrda Belgiýa Italiýa bilen duşuşar. Oýun 2-nji iýulda Mýunhende geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.