Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

04.07.2021, 19:243,141

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-gazak gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ministrler iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli we ynamly syýasy gepleşigiň ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary taraplaryň ýokary derejede gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri gazak kärdeşini hünär baýramy — Gazagystan Respublikasynyň diplomatik gullugynyň güni bilen gutlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.