6 aýyň jemleri boýunça esasy ykdysady görkezijiler

10.07.2021, 14:116,238

2021-nji ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň jemleri baradaky esasy maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris. 1-nji iýul ýagdaýyna görä:

  • Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerli býujetler boýunça girdejileriň meýilnamasy 102,4 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa, 97,8 göterim berjaý edildi.
  • Hasabat döwründe balans toparlarynyň 107, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 93 mejlisi geçirildi.
  • Alty aýyň dowamynda döwlet emlägine degişli desgalaryň 70-si hususylaşdyryldy.
  • 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy.
  • 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 28 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlary önümçilik hem-de durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Bular barada 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow hasabat berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.