Türkmen Lideri Siriýanyň Prezidenti Başar al-Asada gutlag hatyny iberdi

19.07.2021, 10:5411,792

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Başar al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Türkmen Lideri jenap Başar al-Asada berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Siriýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.