Volvo awtoşaýlaryň ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi bir hepdelik togtadar

25.08.2021, 17:247,479

Volvo Cars kompaniýasy 30-njy awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda Şwesiýanyň Gýoteborg we Belgiýanyň Gent şäherindäki zawodlarynyň işini togtadar. Bu barada Şwesiýanyň radiosy habar berýär.

“Biz awtomobil bölekleriniň ýetmezçiliginiň ýokarlanýandygyny görýäris, hut şu sebäpli 30-njy awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda önümçiligi togtatmak kararyna gelindi” – diýip, kompaniýanyň metbugat sekretary Mariýa Dagman aýtdy.

Önümçilik arakesmesi wagtynda zawodlarda işleýänler enjamlary bejermek, okuw bilen meşgullanyp bilerler ýa-da rugsada çykyp bilerler diýip, iz.ru belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.