Türkmenistan Owganystandaky bolan wakalardan soň ýurda ilkinji ynsanperwerlik kömegini ugratdy

02.09.2021, 07:2636,800

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Munuň özi goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligidir. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, 31-nji awgustda türkmen Lideri degişli Karara gol çekip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Owganystana ugradyljak ynsanperwerlik ýükleriniň bu ýurda baryp gowuşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şoňa görä-de, dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükleriniň, hirurgik ellikleriň, koronawirus ýokanjynyň bejergisinde ulanylýan serişdeleriň hem-de dermanlaryň ýollanylandygyny bellemek möhümdir.

Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasy Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň welaýat ýolbaşçylarynyň, şeýle-de ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.