Warner Bros. kompaniýasy “Matrisanyň” täze bölüminiň adyny resmi taýdan mälim etdi

03.09.2021, 07:416,394

Warner Bros. kompaniýasy “Matrisa” franşizasynyň dördünji bölüminiň nähili atlandyryljakdygyny resmi taýdan mälim etdi we lentanyň ilkinji kadrlaryny görkezdi. 

Döredijiler CinemaCon festiwalynda taslama barada giňişleýin maglumat berdiler. Film “The Matrix Resurrections” adyny aldy. Ony “Matrisa: Direliş” ýa-da “Matrisanyň direlmegi” diýip terjime etmek bolýar. 

“The Hollywood Reporter” neşiriniň işgäri Aaron Kouç Twitterde festiwalda görkezilen ilkinji kadrlary suratlandyrdy diýip, riafan.ru belleýär. Onuň aýtmagyna görä, dördünji bölümde Kianu Riwziň ýerine ýetirmeginde Tomas Anderson öňki bölümlerde bolup geçen zatlary ýadyndan çykarýar we psihoterapewtiň ýanyna gatnap başlaýar. Bir gün Neo kafede Trinitini tötänleýin görýär. Bu gahrymanyň keşbini Kerri-Enn Moss ýerine ýetirýär. Ýöne gahrymanlar biri-birini tanamaýarlar.

Filmiň premýerasynyň 2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.