Oliwiýa Rodrigo «Ýylyň aýdymy» nominasiýasynda MTV teleýaýlymynyň baýragyna mynasyp boldy

15.09.2021, 12:275,988

18 ýaşly amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigo “Drivers License” treki bilen MTV Video Music Awards-da “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda ýeňiji boldy. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Rodrigo bilen bilelikde bu baýrak üçin göreşdiler: “Dynamite” aýdymy bilen Koreýanyň BTS topary, “Levitating” kompozisiýasy bilen britaniýaly aýdymçy Dua Lipa, WAP aýdymy bilen rep-ýerine ýetirijiler Cardi B bilen Megan Piti, “Leave the Door Open” aýdymy bilen amerikaly ýerine ýetirijiler Bruno Mars bilen Anderson Paak, şeýle-de “Mood” treki bilen repçiler 24kGoldn bilen Iann Dior. 

MTV VMA-nyň dalaşgärleri ýörite emin agzalary (prodýuserler, ses ýazgy ediji kompaniýalaryň we metbugat wekilleri) tarapyndan kesgitlenilýär, käbir nominasiýalarda ýeňijini MTV saýtynda ses bermek arkaly tomaşaçylar kesgitleýär. Ýeňijilere MTV VMA-nyň baýragy – Aý adamynyň heýkeli gowşurylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.