Ýakyn günlerde Türkmenistanyň geljek ýyl üçin býujeti tassyklanar

09.10.2021, 14:1410,379

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti, ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmegi we onuň ähli maddalaryna seretmegi tabşyrdy.

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçjek mejlisinde tassyklanyljakdygyny aýdyp, türkmen Lideri soňra onuň Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna beriljekdigini nygtady. Şeýle-de 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga we tassyklamaga hem aýratyn üns bermeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.