Hemilton Türk Gran Prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

10.10.2021, 14:212,481

“Mersedes” toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton Türk Gran Prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Britaniýaly sürüji 1,22,868 bal bilen trassanyň täze rekordyny goýdy. Ýöne muňa garamazdan, motoryň käbir bölekleriniň çalşylmagy üçin jezalandyrylandygy sebäpli Hemilton ýaryşa 11-nji orundan başlamaly bolar.

Saýlama ýaryşynda ikinji orny Hemiltonyň topardaşy Waltteri Bottas eýeledi (+0.130 sekunt yza galdy). Üçünji orunda bolsa "Red Bull"-dan Maks Ferstappen (+0.328) ýerleşdi.

Mundan başga-da, "Haas"-yň sürüjisi Mik Şumaher karýerasynda ikinji gezek ikinji kwalifikasiýa segmentine çykmagy başardy. Şeýlelikde, nemes sürüjisi ýaryşa 14-nji orundan başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.