SpaceX aerokosmiki kompaniýasynyň bahasy 100 milliard dollardan geçdi

10.10.2021, 17:023,929

Ilon Maskyň aerokosmiki kompaniýasy bolan SpaceX-iň bahasy kompaniýanyň paýnamalarynyň bir böleginiň ikinji gezek satylmagy sebäpli 100 milliard dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, 3dnews.ru habar berdi.

Habarlara görä, SpaceX täze we öňden bar bolan maýadarlar bilen gymmatly kagyzlary her paýnamany 560 dollar bahadan satmak barada ylalaşyk gazandy. Munuň özi kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň şu ýylyň fewral aýyndaky bahasyndan 33% köpdür.

Bu ýagdaý Ilon Maskyň kärhanasynyň öz bazardaky bahasynyň üçden bir bölegine ýetmek we möçberi boýunça dünýäde ikinji orunda durýan hususy kompaniýa bolmak üçin sekiz aýyň gerek bolandygyny aňladýar. Birinji orunda TikTok gysga wideo hyzmatyna eýelik edýän Hytaýyň ByteDance kompaniýasy durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.