AnTuTu topary sentýabr aýynda iň meşhur smartfonlaryň sanawyny neşir etdi

18.10.2021, 18:486,758

AnTuTu bençmarkynyň topary Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän smartfonlaryň aýlyk sanawyny neşir etdi. Bu sanaw ulanyjylaryň kanagatlanyş derejesine esaslanýar. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Birinji orny 97,1% netije bilen geçen ýylky flagman Samsung Galaxy Note20 Ultra 5G, ikinji orny şu ýyl çykan Oppo K9 5G (95,19%) eýeledi. Üçlügi iki ýyl mundan öň satuwa çykan Huawei Mate 30 5G (94,22%) jemleýär.

Dördünjiden onunja çenli orunlary Meizu 18 Pro (93,56%), Meizu 18 (93,49%), Samsung Galaxy S21 Ultra 5G (93,38%), Huawei P40 Pro+ (93,22%), Vivo S10 Pro (93,04%), Vivo X60 Pro+ (92,8%) we Honor Magic3 Pro (92,53%) eýeledi.

Huawei Mate 30 5G smartfonunyň iki ýyl mundan ozal çykandygyna garamazdan, hytaýly ulanyjylaryň aýtmagyna görä, Harmony OS 2.0-a çenli täzelenme gurluşyň işiniň birsydyrgynlylygyny we duýgurlygyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.