Lewandowski bassyr ikinji ýyl Tuttosport boýunça ýylyň oýunçysy boldy

23.11.2021, 18:575,859

«Bawariýanyň» hem-de Polşanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Robert Lewandowski Italiýanyň Tuttosport neşiri tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. Bu barada neşire salgylanyp, matchtv.ru habar berdi.

Ozalky futbolçylardan we tälimçilerden ybarat emin agzalarynyň topary Lewandowskini bassyr ikinji ýyl ýylyň oýunçysy diýip saýladylar.
Ikinji orny «Çelsiniň» we Italiýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçy Jorjinýo, üçünji orny tomusda «Barselonadan» «PSŽ-ä» geçen argentinaly hüjümçi Lionel Messi eýeledi.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 13-nji dekabrda Turinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.