Holand Bundesligada 50 goly taryhda iň çalt geçiren oýunçy boldy

01.12.2021, 09:094,827

Dortmundyň “Borussiýanyň” hüjümçisi Erling Holand Bundesligada "Wolfsburga" garşy geçirilen oýunda (3:1) gol geçirdi. Bu bolsa norwegiýaly hüjümçi üçin Germaniýanyň çempionatynda 50-nji gol boldy. Bu barada Opta Sports-a salgylanyp, sports.ru habar berdi.

Bu görkezijä ýetmek üçin Holanda bary-ýogy 50 oýun gerek boldy. Munuň özi, Opta Sports-yň ýazmagyna görä, Bundesliganyň rekordy bolup durýar.
Mundan başga-da, Holand Bundesliganyň taryhynda 21 ýaş, 4 aý 6 günüň içinde 50 gol geçirmegi başaran iň ýaş oýunçy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.