2021-nji ýylyň iň gowy Android oýunlary we programmalary kesgitlenildi

03.12.2021, 00:535,793

Google özüniň Google Play dükanyndaky iň gowy oýunlary we programmalary yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň özüne salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Programmalaryň arasynda meditasiýa üçin niýetlenilen Balance programmasy 2021-nji ýylyň ýeňijisi boldy. Pokémon Unite bolsa ýylyň iň gowy oýny diýlip ykrar edildi. Google 2021-nji ýylda, esasan, şahsy ösüşe gönükdirilen programmalaryň uly islegden peýdalanandygyny aýtdy. Şonuň üçin meditasiýa programmasynyň ýeňiji geň däldir diýip, çeşme belledi.

Mundan başga-da, dürli kategoriýalarda şu aşakdaky programmalar hem tapawutlandy:

Mentor Spaces - garaýagyz we Latyn Amerikasyndan bolan hünärmenler üçin karýera gurmaga kömek edýän hyzmat;
Paramount+ - onlaýn kinoteatr;
PhotoRoom - suratlary gaýtadan işlemek üçin programma;
Moonly - aý senenamasy;
Sleep Cycle - "akylly" jaň sagady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.