Günorta Amerikanyň demirazyk-günortasynda ýerleşýän Gaýananyň kenar ýakasynda «MV Barima» ýolagçy gämisi agdaryldy. Heläkçilik 18-nji iýul agşamy bolup geçdi.
Gämi paýtagt Djordjtaundan demirazyk-günbatar obasy bolan Port-Kaýtuma barýan ýolda agdarylyp, suwa çümdi.
Häzirki wagta çenli azyndan 27 adamyň wepat bolandygy tassyklanyldy. Halas edijiler 69 adamy halas etmegi başardylar, ýöne ýene 83 ýolagçynyň we ekipaž agzasynyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar.

Ýurduň Premýer-ministri Mark Fillips bu maglumatlaryň entek deslapky häsiýetdedigini belledi.
—Biziň esasy wezipämiz — adamlary tapmak. Biz entek hem umyt edýäris — diýip, ol AFP agentligine beren teswirinde belleýär.
Ýurduň häkimiýetleri gözleg-halas ediş işleriniň meýdanyny ep-esli giňeltmek barada karar kabul etdiler. Ilbaşda gözleg zolagy 400 inedördül kilometr bolan bolsa, duşenbe gününe çenli ol 1070 inedördül kilometre çenli giňeldildi. Bu çäre adamlary güýçli akymyň äkitmegi mümkin bolandygy sebäpli, goşmaça deňiz we howa ulaglaryny çekmek üçin geçirildi.
Gämiden kömek baradaky duýduryş signaly portdan çykylanyna sekiz sagat geçenden soň gowuşdy. Duşenbe gününe çenli gämi halas edijiler tarapyndan deňiz düýbünde tapyldy. Gäminiň agdarylmagynyň takyk sebäpleri häzirki wagtda anyklanylýar.
Düzediş girizilen maglumatlara görä, ilkibaşda 133 adam hakda habar berlenem bolsa, gämidäki adamlaryň sany (ýolagçylar we ekipaž) 179 adama deň bolupdyr.
Gözleg çäreleri bilen bir hatarda resmi derňew hem başlandy. Mark Fillips barlag wagtynda ekipažyň iki agzasynyň marihuana boýunça barlagynyň oňyn netije berendigini mälim etdi.
Uzynlygy 40 metr bolan «MV Barima» ýolagçy gämisi 1939-njy ýylda gurlupdy (gäminiň ulanyş möhleti — 87 ýyl).