Gözli Atanyň aramgähinde täze yzlar: arheologlar keramatly ýeriň golaýynda näme tapdylar?

Düýn, 18:077,363
1 / 3

Arheologlar Balkan welaýatyndaky Gözli Atanyň aramgähiniň golaýynda täze taryhy ähmiýeti ýeriň üstünden bardylar. Bu hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgäri Gözel Amangulyýewanyň «Türkmenistan» gazetinde ýerleşdirilen makalasynda giňden gürrüň berilýär.

Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda ýerleşýän, XIII asyryň görnükli şahsyýeti, türkmen topragynyň ilkinji magaryfçysy, sopuçylyk edebiýatynyň Hazarýaka şahasynyň düýp binasyny tutujy hem-da ýasawyçylyk edebi mekdebini mynasyp dowam etdiriji, dürli (esasanam ruhy) keselleriň lukmany Gözli Atanyň mukaddes aramgähi syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň iň köp gelim-gidimli keramatly ýerleriniň biridir. 1202-nji ýylda oguz-türkmenleriniň gadymy watany bolan Türküstanda dünýä inen, «Gul-Gedaýy» tahallusy we «hemme zady öňünden görýän Gözli Ata» lakamy bilen tanalan Hasan ibn Muhup Ysmaýyl Ata 1292-nji ýylda mongol çozuşlar wagtynda şehit bolýar. Gözli Atanyň kümmetiniň töweregi giň gonamçylyklardan başga-da, birnäçe arheologik toplumlar, ýagny «ýurt» diýlip atlandyrylýan okuw jaýlarynyň, medreselerdir metjitleriň galyndylary bilen gurşalandyr. Ýaňy-ýakynda bolsa şeýle taryhy ýurtlaryň ýene-de biri ýüze çykaryldy.

Makalada hem bellenilişi ýaly, alymlar topary Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynyň ýaşaýjysy, baýry mugallym Öregylyç Amanowdan gelip gowşan ilkinji maglumatlar esasynda Balkan welaýatyna ylmy iş saparyny guradylar. Olar Gözli Atanyň aramgähine golaý ýerde ýerleşýän täze tapylan ýurduň irki orta asyrlara dahylly bolmak ähtimallygynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, ony has-da içgin öwrenmek maksady bilen ylmyň soňky gazanan usullaryny ulandylar.

Syrly sarkofag we daş plita

Oguz-türkmen ýadygärlikleri toplumyna degişli bolan bu ýurt häsiýetli meýdanynyň binagärligine, çig malyna we ýerleşýän landşaftyna seredeniňde, günbatar Türkmenistandaky tekiz, çöllük ýerde ýerleşýän gadymy mawzoleýiň keşbini ýatladýar.

Onuň ortasynda bolsa uzynlygy 129, ini 27 we galyňlygy 44 santimetre barabar bolan guýma daş sandyk ýerleşýär. Bu mazar daşynyň (sarkofagyň) üstünde ýene-de daşdan guýlan çeper surat şekillendirilipdir. Wagtyň geçmegi we açyk howa şertleri sebäpli bu şekil mazaly öçüşen hem bolsa, daşyň kölegesine seredeniňde, ondan haýsydyr bir ulamanyň kellesini saýgarmak bolýar. Sandygyň gurluşyndan mälim bolşuna görä, onuň massiw esasly we birneme ýokarky gatlagynyň gönüburçly basgançak şekilinde bolmagy musulmançylygyň bu ýerlere ilkibaşda ornaşan döwrüniň mazar daşlaryna mahsuslygy bilen tapawutlanýar. Ylmy derňewler bu ýurduň irki orta asyrlarda döredilen ilkinji mekdeplere, ýagny ylym-bilim ojagyna meňzeşdigini ýüze çykardy. Şunlukda mazar üsti daşydyr simwolik mana eýe bolan bu şekilli daşyň bu ýerde ylym öwreden ulamalaryň birine dahylly bolmagy örän ähtimaldyr

Ýene-de bir daş üstki sandyk daşyndan 2-3 metr aşakda goýlupdyr we ol kimdir biri tarapyndan gazylyp, ýer üstüne çykarylypdyr. Ussatlyk bilen guýlan, oýulyp ýasalan nagyşly bu daş plitasynyň gadymy mazar daşynyň aşaky örtügi bolandygy çak edilýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinden we wizual jikme-jikliklerden çen tutanyňda hem gönüburçly, uzynlygy 122, ini 44 we galyňlygy 15 santimetr bolan bu daşyň ýokarky hem-de aşaky bölegindäki iki sany inedördül deşik plitany dik sütüne ýa-da ýerdäki gurluşa berkitmäge hyzmat edendir diýmäge doly esas berýär.

Nagşyň alamatlary we  sufizm däpleri

Bu daş plitadaky bezeg zoomorf (haýwan şekili) äheňini ýatladýar. Simmetrik «ganatlary» ýa-da gapdal burçlary bolan merkezi dik çyzykly bu şekil guşuň ýa-da kebelegiň ganatyny aňladýar. Aslynda, sopuçylykda «guş ganaty» ýa-da «perwana» (kebelek) Hak yşkynda perwana bolan, ruhy guşy Haka tarap perwaz eýleýän aşyk sopularyň ýörgünli simwolydyr Milli senetçiligiň haly-palas we el işlerinde saklanyp galan bu şekillere «guşganat» hem-de «perwana» ýaly atlar dakylypdyr we olar häzirki günlerde-de günbatar Türkmenistanda ýörgünli ulanylyp gelinýän nagyşlardyr. Gözli Atanyň edebi mirasynda hem «guş» diýmek — «köňül guşy», «howalanmak», «howalanyp uçmak» ýaly manyda getirilýär. Munuň üçin keramatly piriň «Uçdum men-ä» atly şygryny ýatlamagyň özi-de ýeterlik. Ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetlerinde haýwanlaryň şekilleri, käbir agzalary (meselem, şahy ýa-da toýnagy) güýç, baýlyk we goraglylyk şany hökmünde görlüpdir we olar soňky döwürlere çenli saklanyp galypdyr. Türkmenleriň yrym-ynanç düşünjesinde şahlar, goç kelleler we ganatlar örän uly orun tutupdyr. Goç buýnuzlaryna köplenç ýurdumyzyň günbatar çäklerindäki daglyk etraplaryň gonamçylyklarynda hem-de dürli şekilli daş plitalarda köp gabat gelse bolýar.

Netijede häsiýetleri düýpli öwrenilen bu täze tapyndylar gönüden-göni oguz-türkmen ýadygärlikler toplumyna we Gözli Atanyň kümmetine degişli diýip, ynamly aýdyp bolar.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.