Ýaponiýanyň SDRS kompaniýasy güýçli yssy howada organizmi çalt sowatmak üçin niýetlenilen Do Hiemon Box atly bir adamlyk sowadyjy kabinany tanyşdyrdy.
Daşyndan söwda awtomatyna meňzeýän bu enjamyň içindäki temperatura, takmynan, 15 gradus töwereginde saklanýar. Adam içindäki oturgyçda oturanyndan soň, ulgam kelle, boýun, egin bölegine we arka 5 gradusa çenli sowuk howany gönükdirýär. Taslamany döredijileriň aýtmagyna görä, eýýäm bäş minutdan soň onuň täsiri duýlup başlanýar, kabinada on minutlap oturmak bolsa Gün urmagynyň alamatlaryny ýeňilleşdirmäge kömek edýär.
Kabina, ilkinji nobatda, gurluşykçylar, ammar we kärhana işgärleri hem-de açyk howada geçirilýän çäreleri guramaçylar üçin göz öňünde tutulandyr. Ol sowatmagyň üç sany režimi bilen üpjün edildi, 20 minutdan soň awtomatik usulda öçýär we mobil kondisionerden, takmynan, iki esse az elektrik energiýasyny sarp edýär.
Bu täze enjam Ýaponiýada rekord derejede yssy tomus paslynyň dowam edýän wagtynda peýda boldy. Ýurtda eýýäm howanyň temperaturasy 40 gradusdan geçýän günler üçin ýörite adalgalar ulanylýar. Diňe 15-nji iýulda Tokioda Gün urmasy sebäpli 48 adam hassahana ýerleşdirildi.
Bir kabinanyň bahasy, takmynan, 1,5 million ýena (takmynan $9,2 müň) barabar. Häzirki wagtda bu enjam kompaniýalara we döwlet edaralaryna gönükdirilen hem bolsa, taslamany döredijiler geljekde onuň giňden ýaýrap biljekdigini hem belleýär.