Gazprom VKontakte we Mail.ru (VK) sosial ulgamlaryny satyn aldy

05.12.2021, 16:244,040

Internet torunda ozal Mail.ru Group diýlip tanalan VK kompaniýasynyň iň uly ses paýdaryny üýtgedýändigi barada habar peýda boldy. Paýdarlardan SOGAZ topary bilen Alişer Usmanowyň USM-i orunlaryny çalyşýarlar. Bu barada Kommersant-a salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Mundan ozal, noýabr aýynyň ahyrynda Sberbankyň VK-daky ikinji uly paýyny Gazprombank-a satandygyny göz öňünde tutsak, häzirki wagtda Gazpromyň gurluşlary IT ägirdiniň ses paýlarynyň köpüsini eýeleýär.

VK-nyň paýdarlygyna goşulmak köp babatda ösüşe itergi boldy we holdingimiziň taryhynyň möhüm bölegine öwrüldi. Biziň çemeleşmämiz - ýaş we gujurly menejment üçin aňrybaş hereket azatlygydyr, şonuň üçin mundan üç ýyl ozal men we meniň hyzmatdaşlarym bolup VK-daky paýnamalarymyz bilen ses bermek hukugyny onuň dolandyryşyna geçirdik. Häzirki wagtda biz kompaniýanyň kapitalyndan çykýarys we ony auditoriýasynyň sany boýunça-da, maliýe ölçegleri babatda-da görkezijileriň iň ýokary derejesinde galdyrýarys - diýip, Alişer Usmanow belledi.

Belläp geçsek, Mail.ru Group-yň ady VK adyna 2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda üýtgedilipdi. Täze kompaniýa bu ady öz taslamalarynyň biri bolan “VKontakte”-yň hormatyna aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.