Xiaomi ýylda ýüzlerçe müň elektrikli awtoulag öndürýän zawod gurar

05.12.2021, 22:455,656

Xiaomi kompaniýasy her ýyl ýüzlerçe müň elektrikli awtoulag öndürmäge ukyply zawod gurar. Bu barada Reuters-e salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Xiaomi elektrikli awtoulaglaryň bazaryna çykmak meýli barada baryp, şu ýylyň ýazynda mälim edipdi. Şonda taslamanyň 10 ýylda 10 milliard dollar maýa goýumyny çekjekdigi barada aýdylypdy.
Habarlara görä, kompaniýa bu meýlini barha çynyrgadýar: Pekinde ýylda 300 müň sany kuwwatly elektrikli awtoulaglary öndürýän zawod gurlar. Zawod iki ýylda gurlup gutarylar we ol özüniň doly önümçilik kuwwatyna 2024-nji ýylda ýeter diýlip çaklanylýar.
Bellenip geçilişi ýaly, zawod önümçilik zolagyndan, awtoulag bölüminiň baş edarasyndan, satuw bölümlerinden we gözleg bölüminden ybarat bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.