Apple 2021-nji ýylyň iň gowy oýunlaryny we programmalaryny yglan etdi

06.12.2021, 23:344,404

Apple ýakynda iPhone, Mac, iPad, Apple TV hem-de Apple Watch üçin iň oňat oýunlary we programmalary kesgitledi. Sanawa jemi 15 sany programma girdi diýip, msn.com habar berýär.

Apple-iň önümleri üçin iň oňat programmalaryň hataryndan olaryň jemi bäş sanysy orun aldy:

1. Toca Life: World - iPhone üçin iň oňat programma
2. LumaFusion - iPad üçin iň oňat programma
3. Craft - Mac üçin iň oňat programma
4. DAZN - Apple TV üçin iň oňat programma
5. Carrot Weather - Apple Watch üçin iň oňat programma

Iň oňat oýunlaryň sanawy hem bäş sany taslamany öz içine aldy: League of Legends: Wild Rift (iPhone üçin), MARVEL Future Revolution (iPad üçin), Myst (Mac üçin), Space Marshals 3 (Apple TV üçin), Fantasian (iň oňat arkada oýny).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.