Mohammed ben Sulaýem Halkara awtomobil federasiýasynyň täze prezidenti saýlandy

18.12.2021, 19:586,180

Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) täze prezidenti Mohammed ben Sulaýem boldy. Şu gün FIA-a 2009-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Žan Todt federasiýanyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi. Bu barada www.championat.com habar berýär.

Ses bermäge gatnaşanlaryň 61,62%-i ben Sulaýemi, 36,62%-i onuň bäsdeşi Grem Stokeri goldady. 1,76%-i ses bermekden saklandy.

Ben Sulaýem 14 gezek ralli boýunça Ýakyn Gündogaryň çempionydyr. Ol 1983-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli dowam eden karýerasynyň dowamynda 61 halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. Soňky 13 ýylda Ýakyn Gündogarda sport boýunça wise-prezident wezipesini eýeledi. Bu döwürde ol Bütindünýä awtosport geňeşiniň agzasy hem boldy.

Mundan öň, FIA-nyň prezident wezipesinden aýrylandan soň Todtyň 1993-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk eden “Ferrari” toparyna dolanyp biljekdigi habar berildi. Bu döwürde ýaryş topary sekiz sany Konstruktorlaryň kubogyny gazandy, toparyň sürüjileri bolsa alty gezek “Patyşalyk ýaryşlarynda” çempion boldular.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.