Türkmen birźasynda bahasy 12 million dollara golaý 6 geleşik baglaşyldy

20.12.2021, 11:525,085

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy. Olaryň bahasy ABŞ-nyň 11 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Ýer zemin berekedi” hususy kärhanasynda öndürilen posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.