Ilon Mask Tesla sürýänleriň ählisi üçin Täze ýyl sowgadyny taýýarlady

24.12.2021, 22:3610,752

Tesla öz awtoulaglarynyň sürüjileri üçin sowgatlyk aksiýa yglan edýändigini mälim etdi. Indi sürüjiler awtoulaglara agşam sagat 7-den ir sagat 10-a çenli kesgitlenen Supercharger stansiýalarynda mugt zarýad berip bilerler. Bu barada The Verge portalyna salgylanyp, pcnews.ru habar berýär.

Bu bildiriş maşgalasyny ýa-da dost-ýarlaryny görmek üçin 100 milliona golaý adam ýola çykýan baýramçylyk gezelençleri möwsüminiň başlamagynyň öňüsyrasynda yglan edildi. Ýöne bu Tesla-yň sürüjileri üçin Supercharger stansiýalarynda birneme eglenmeli boljakdygyny hem aňladyp biler. Sebäbi ýurtda zarýad beriş infrastrukturasyny ösdürmek işi entegem dowam etdirilýär.

Tesla-nyň bu ýyl dyknyşygy aradan aýyrmak üçin tapan çözgüdi müşderileriň seýrekleýän döwründe mugt zarýad bermek bolup durýar. Bu teklip ABŞ-daky, takmynan, 1400 Tesla Supercharger stansiýasynyň bary-ýogy 75 sanysynda elýeterlidir.

Aksiýa şu ýylyň 23-26-njy dekabry aralygynda dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.