Lewandowski ýylyň iň gowy futbolçylarynyň reýtinginde Messiden öňe geçdi

27.12.2021, 18:367,643

Polşanyň milli ýygyndysynyň we Mýunheniň “Bawariýasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowski “Guardian” britan neşiri tarapyndan bassyr ikinji gezek ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Lewandowski ýylyň jemi boýunça “Altyn topuň” eýesi bolan “PSŽ-niň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messiden we “Liwerpulyň” müsürli oýunçysy Mohamed Salahdan öňe geçdi. Bu barada sportrbc.ru habar berýär. 

Mundan öň Lewandowski “France Football” tarapyndan iň gowy hüjümçi we “Tuttosport” tarapyndan ýylyň oýunçysy diýlip saýlandy, şeýle-de dünýäniň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaşgärleriň gysga sanawyna goşuldy. 
Ýylyň iň gowy futbolçylarynyň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Robert Lewandowski (“Bawariýa”)
  2. Lionel Messi (“PSŽ”)
  3. Mohamed Salah (“Liwerpul”)
  4. Karim Benzema (Madridiň “Realy”)
  5. Žoržinýo (“Çelsi”)
  6. Kilian Mbappe (“PSŽ”)
  7. Erling Holann (Dortmundyň “Borussiýasy”)
  8. Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”)
  9. N’Golo Kante (“Çelsi”)
  10. Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.