Niko Kowaç «Monakonyň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

02.01.2022, 11:064,014

«Monako» futbol kluby resmi saýtynda baş tälimçi Niko Kowaçyň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Horwatiýaly hünärmen bu barada eýýäm habarly edildi.

Kowaç fransuz klubyna 2020-nji ýylyň iýulynda geldi. Onuň şertnamasy 2022/23 möwsümiň ahyryna çenli niýetlenendi.
Fransiýanyň çempionatynyň 19 tapgyryndan soň «Monako» ýaryş jedwelinde 29 utuk bilen altynjy orunda ýerleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.