FIFA Puşkaş baýragyna dalaş edýän üç finalçynyň adyny aýtdy

05.01.2022, 17:519,840

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) iň owadan gol üçin Ferens Puşkaş adyndaky baýraga dalaş edýän oýunçylaryň üçlügini belli etdi. Bu barada matchtv.ru habar berýär.

Guramanyň saýtyny ulanyjylaryň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça sanawda 11 adamdan üçüsi galdy: “Tottenhemiň” ýarym goragçysy Erik Lamela, “Baýeriň” hüjümçisi Patrik Şik we “Portunyň” hüjümçisi Mehdi Taremi. 

Ýeňijiniň ady 17-nji ýanwarda ýörite dabarada yglan ediler. 

FIFA-nyň Ferens Puşkaş adyndaky baýragy 2009-njy ýyldan bäri jynsyna garamazdan geçen ýylda iň owadan goluň awtory bolan oýunça berilýär. Bu baýragyň häzirki eýesi Angliýanyň çempionatynyň oýnunda “Býornliniň” derwezesine gol geçiren “Tottenhemden” koreýaly Son Hyn Mindir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.