FIFA 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany adyna dalaşgärleriň üçlügini mälim etdi

06.01.2022, 13:248,300

FIFA 2021-nji ýylyň jemi boýunça iň gowy derwezeban adyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Sanawa “PSŽ-den” Janluiji Donnarumma, “Çelsiden” Eduar Mendi, şeýle-de “Bawariýadan” Manuel Noýer girdi. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Dalaşgärleriň giňeldilen sanawyndan Kasper Şmeýhel (“Lester”) we Alisson Beker (“Liwerpul”) aýryldy.
Dürli nominasiýalarda ýeňijileriň atary 17-nji ýanwarda FIFA-nyň baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.