Messi we Ronaldu L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki toparyna girmedi

07.01.2022, 17:558,029

L'Equipe neşiri 2021-nji ýylyň jemi boýunça simwoliki topary hödürledi. Simwoliki topar neşiriň žurnalistleriniň pikiri esasynda saýlandy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Gyzykly ýeri, soňky “Altyn topuň” eýesi Lionel Messi bilen “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bu sanawa girmegi başarmadylar.
L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki topary şulardan ybarat:

Derwezeban: Eduar Mendi ("Çelsi").
Goragçylar: Trent Aleksandr-Arnold ("Liwerpul"), Ruben Diaş ("Mançester Siti"), Markinýos ("PSŽ"), Teo Ernandes ("Milan").
Ýarymgoragçylar: N'Golo Kante, Žoržinýo (ikisi hem "Çelsi"), Kewin De Bruýn ("Mançester Siti"), Mohamed Salah ("Liwerpul").
Hüjümçiler: Karim Benzema (Madridiň "Realy"), Robert Lewandowski ("Bawariýa").

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.