Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýyldaky Pariž Olimpiadasyna taýýarlanyp başlar

08.01.2022, 18:137,809

7-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň we olaryň gatnaşmagynyň meseleleri barada wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan sport toýuna — Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.