Messi Suares sebäpli «PSŽ-den» gidip biler

08.01.2022, 13:0420,337

«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messi häzirki toparyň düzüminden gidip biler. Bu barada El Chiringuito TV-niň twitteri habar berýär. Muny sportliga.com ýetirýär.

Munuň sebäbi argentinaly oýunçynyň özüniň ýakyn dosty, Madridiň “Atletikosynyň” hüjümçisi Luis Suares bilen bir toparda oýnamak isleýändigindedir.
Häzirki wagtda Suares MLS-e geçmek we “Inter Maýamide” oýnamak isleýändigi sebäpli, birnäçe klubyň teklibinden ýüz öwürdi. Leo hem MLS-e geçmek isleýär, şol sebäpli Suares üçin “PSŽ” bilen şertnamany ýatyryp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.