Türkmenistan bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep hakynda Ähtnamany tassyklady

15.01.2022, 14:3429,727

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde gol çekilen “Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk”;

“Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.