FIFA futbolçylaryň kärendesi boýunça täze düzgünleri tassyklady

23.01.2022, 12:387,852

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbolçylaryň kärendesi boýunça täze düzgünleriň girizilendigini mälim etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasyna salgylanyp, championat.com habar berdi.

Oýunçylaryň kärendesi boýunça täze düzgünler şulardan ybarat:

1. Indiki möwsümden başlap, kärendäniň şertleri (dowamlylygy, maliýe maglumatlary we ş.m.) görkezilen ýazmaça şertnama kärendäniň hökmany şerti bolar.
2. Kärendäniň iň gysga möhleti - iki transfer penjiresiniň aralygy;
3. Iň köp kärende möhleti - bir ýyl;
4. Şol bir klublaryň arasynda kärendesine alynýan oýunçylaryň sanyna çäklendirme giriziler: klub möwsümiň dowamynda bir kluba üçden köp oýunçy kärendesine berip bilmez we bir klubdan üçden köp oýunçy kärendesine alyp bilmez.
5. Möwsüm boýunça kärendesine bermegiň /almagyň umumy sanyna çäklendirme giriziler. Bu düzgüne geçiş ýuwaş-ýuwaşdan, tapgyrlaýyn amala aşyrylar:

  • - 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli klub iň köp 8 oýunçyny kärendesine berip/alyp biler;
  • - 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hem şol ulgam hereket eder, ýöne kärendesine bermek/almak boýunça oýunçylaryň iň köp sany 7 bolar;
  • - 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, kärendesine berlen/alnan oýunçylaryň iň köp sany 6 bolar. Bu san hemişelik esas bolup galar.

Düzgünnama üýtgetmeler 2022-nji ýylyň iýul aýyndan güýje girer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.