R.Meredow Hytaýyň ilçisi bilen «Hytaý - Merkezi Aziýa» sammitiniň netijelerini maslahatlaşdy

26.01.2022, 22:572,505

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar 25-nji ýanwarda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen forumyň barşynda döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan anyk meselelere seredip geçdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.