Raşid Meredow Pekinde hytaý kärdeşi bilen duşuşdy

04.02.2022, 14:084,557
1 / 3

4-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada HHR-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

 

 

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

 

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekde durmuşa geçirilmegine degişli pikir alşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.