Ýewropada gazyň bahasy birden ýokarlandy

07.02.2022, 09:125,002

Ýewropada gazyň bahasy anna güni birža söwdasynyň dowamynda 1 müň kub metr üçin 970 dollardan geçdi. Bu barada TASS-a salgylanyp, Day.Az-yň habar bermegine görä, muny Londonyň ICE biržasynyň maglumatlary delillendirýär.

Niderlandlardaky TTF merkezinde mart fýuçersiniň bahasy 1 müň kub metr üçin 975 dollara çenli ýa-da MWt/s üçin 82,275 ýewro (häzirki ýewronyň dollara gatnaşygynda walýuta hümmetini göz öňünde tutup, ICE-de bahalar MWt/s üçin ýewroda görkezildi) ýokarlandy. 
Gazyň bahasynyň umumy ösüşi 2,6%. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.