Türkmen gazyny Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

16.02.2022, 12:366,685

15-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Abdrahmanowa türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem türkmen Lideri wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçirmek babatdaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu wezipeleriň guramaçylyk meselelerini öwrenmelidir hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýeti bolan işleri utgaşdyrmak boýunça zerur tagallalary etmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.