Türkmenistandaky Prezident saýlawlaryna GDA-nyň synçylary gatnaşar

24.02.2022, 00:125,613

Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Nematow bilen hem duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň soňky döwürde ykdysadyýetde, sebagat hyzmatdaşlygynda, iri göwrümli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegine gönükdirilen täze hil derejesine eýe bolandygy bellenildi.

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary bilen baglylykda, onda GDA-nyň missiýasynyň synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.