Ýewropada gazyň bahasy 1400 $-a ýetdi

26.02.2022, 06:594,071

Ýewropada söwda çekeleşikleriniň dowamynda gaz üçin mart fýuçersleriniň bahasy  müň kub metr üçin 1400$-a ýetdi. Gazeta.ru.-a salgylanýan Day.Az bu barada ICE London biržasynyň maglumatlaryşaýatlyk edýär diýip ýazýar.

Irden gazyň müň kub metriniň bahasy 1170$ bolan bolsa, soň gysga wagtyň içinde kotirowkalar1389,7 $-a çenli ýokarlandy. Bu şonuň öňüsyrasyndaky günüň hasaplaşyk bahasy bilen , ýagny müň kub metr üçin 1038,6 $ bilen deňeşdirilende 35% köpdür.
Öň ýanyndaky günde Ýewropada gaz üçin mart fýuçersleriniň bahasy müň kub metr üçin 1 müň dollardan geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.