Virgin Galactic-giň girdejisi bir ýylyň dowamynda ýokarlandy

26.02.2022, 07:053,776

Amerikanyň kosmosa syýahatçylyk bilen meşgullanýan Virgin Galactic kompaniýasynyň girdejisi 2021-nji ýylyň dowamynda 1283% artdy. Bu barada kompaniýanyň hasabatynda habar berilýär diýip, Gazeta.ru-a salgylanýan Day.Az ýazýar.

2021-nji ýylyň netijesi boýunça kompaniýanyň girdejisi $3,29 milliona ýetdi. 2020-nji ýylda ol $238 müň bolupdy,ýagny ösüşi 1283% ybaratdy.  Şonda arassa çekýän zyýany gysgalyp, ýylyň jemi boýunça ol $352 mln-dan ybarat boldy, bu 2020-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde 45,3% azdyr.
Virgin Galactic-de öňünden çaklanylyşyna salgylansaň, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde erkin pul akymy otrisatel bolar, ýagny $75 mln-dan $85 mln-a çenli.
Virgin Galactic- Virhin Group-yň düzümine girýän amerikan kompaniýasydyr. Ol syýahat maksatly suborbital kosmiki uçuşlary we kiçeňräk emeli hemralary uçurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa geljekde öz müşderilerine orbital uçuşlary hem hödürlemegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.