Alýuminiýniň bahasy rekord derejä çenli gymmatlady

03.03.2022, 17:119,908

Londonyň metallar biržasynda (LME) söwdalaryň barşynda alýuminiýniň bahasy bir tonnasy üçin 3600 dollara çenli galyp, taryhy rekordy goýdy. Muňa biržanyň maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, TASS habar berýär.

Aşgabat wagty bilen 9:00-a çenli ýagdaýa görä, metalyň bahasy ýokarlanmagyny dowam edip, tonnasy üçin 3643 dollara bardy.
Ondan öňki rekord 2-nji martda goýuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.