Ermenistanda täze Prezident saýlanyldy

03.03.2022, 17:4311,181

Ermenistanyň Parlamenti saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýokary tehnologiýalar senagaty ministri Waagn Haçatarýany respublikanyň prezidenti wezipesine saýlady diýip, TASS habar berýär.

Ol bu wezipä ýeke-täk dalaşgärdi.

«Waagn Haçatarýanyň dalaşgärligi üçin 71 sany deputat ses berdi, ol Ermenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy» — diýip, Parlamentiň spikeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Akop Arşakýan habar berdi.

Prezident wezipesinde Haçatarýan 2018-nji ýyldan bäri bu wezipäni ýerine ýetirip gelen Armen Sarkisýany çalşyrar. Saýlawlara çenli döwlet Baştutany wezipesini Parlamentiň spikeri Alen Simonýan ýerine ýetirýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.