Ronaldu 305 minut, Messi 412 minut bäri gol salyp bilenok

04.03.2022, 18:3411,517

«Mançester Ýunaýtediň» oýunçysy Kriştianu Ronaldu we «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messi şu möwsümde gol geçirmedik oýunlaryny dowam etdirýär. Ronaldu özüniň soňky goluny 15-nji fewralda «Braýtonyň» derwezesine girizdi. Şondan bäri ol 305 minutyň dowamynda derwezä gol salyp bilmedi.

Messi hem şeýle ýagdaýy 6-njy fewraldan bäri dowam etdirýär. Bu wagta çenli ol parižlileriň düzüminde 412 minut oýnady.
APL-iň häzirki möwsüminde Ronaldu dokuz gol saldy, Messiniň hasabynda Liga 1-de iki goly bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.