Wengriýanyň täze prezidenti Katalin Nowak boldy

10.03.2022, 17:3910,552

Katalin Nowak Wengriýanyň täze prezidenti saýlandy, ol bu wezipede Ýanoş Aderiň ornuny çalşyrar. Onuň dalaşgärligine ýurduň Döwlet mejlisiniň (bir palataly parlament) deputatlarynyň üçden iki bölegi ses berdi. Mejlis onuň saýtynda ýaýlyma berildi diýip, TASS habar berýär.

Nowak Wengriýanyň prezident wezipesini eýeleýän taryhda ilkinji aýal boldy. Ýaňy-ýakyna çenli ol maşgala işleri boýunça ministrdi, onuň dalaşgärligi premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy “FIDES – Wengriýanyň raýat birleşigi” partiýasy tarapyndan hödürlendi. 2012-nji ýyldan bäri prezident wezipesini eýeleýän Aderiň ygtyýarlyk möhleti 10-njy maýda tamamlanar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.