Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

18.03.2022, 10:046,528

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä ýubileý doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez gujur-gaýrat, şeýle hem alyp barýan ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.