40 ýaşly Ibrahimowiç Şwesiýanyň futbol ýygyndysyna çagyryldy

18.03.2022, 14:219,145

«Milanyň» hüjümçisi Zlatan Ibrahimowiç Şwesiýanyň milli ýygyndysyna — 2022 ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna çagyryldy. Bu barada şwed futbol birleşiginiň metbugat gullugy habar berýär.

Şwedler 24-nji martda ýarym finalda öz meýdançasynda Çehiýa bilen oýnaşarlar, finala çykan ýagdaýlarynda bolsa Polşa bilen duşuşarlar. Ispaniýanyň ýygyndysy dünýä çempionatyna saýlanyşykda 19 utuk gazandy we öz toparynda 1-nji ýeri eýeledi. Şwesiýa 15 utuk bilen 2-nji ýerde galdy.

Hüjümçi 2018-nji ýylyň dünýä çempionatyna we Ýewro-2020-ä gatnaşmady. Emma hüjümçi Dünýä çempionaty-2022-ä taýýarlygyň saýlanyşyk tapgyrynyň çäklerinde geçirilen dört oýna gatnaşyp, iki ýardam pasyny etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.