Türkmenistanyň Pekindäki ilçihanasy ýokary wezipeli myhmanlaryň gatnaşmagynda Nowruz baýramyny belledi

23.03.2022, 09:508,533

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäre hem türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna we Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. HHR-iň döwlet edaralarynyňdyr kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Aziýa sebitiniň hem-de GDA ýurtlarynyň Pekinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Hytaýyň Atçylyk senagaty assosiasiýasynyň agzalary, ýurduň Halkara parahatçylyk we parahatçylyk medeniýeti gaznalarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri çärä hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.

Bu ýere ýygnananlar türkmen milli aşhanasydyr aýdym-sazlary, Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bilen tanyşdylar. Daşky gurşawy goramagy wagyz etmek işinde birleşmegiň nyşany hökmünde myhmanlar hytaý arçasynyň nahallaryny hem oturtdylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.