Raşid Meredow Wan I bilen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

31.03.2022, 13:5914,161

30-njy martda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň meýdançasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Ministrler dört esasy ugur: söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlary boýunça işleýän, Türkmenistanyň we HHR-iň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň döwletara gatnaşyklarynyň netjeli guraly bolup çykyş edýändigini nygtadylar.

Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň we Hytaýyň owgan meselesi babatynda hemişelik hem-de yzygiderli esasda gepleşikleri alyp barýandyklary bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.