Aprel aýynda nähili medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler?

01.04.2022, 09:0613,714

31-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa aprel aýynda milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanyp geçiriljek medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da:

  • 2022-nji ýylyň şygary mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, şol sanda onlaýn çäreler hem-de degişli wagyz-nesihat duşuşyklary geçiriler.
  • Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe sport we medeni çärelere giň gerim berler.
  • Folklor toparlarynyň arasynda “Berkarar Watanyň folklor sungaty” atly bäsleşigi geçirmek meýilleşdirildi.
  • Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.