Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi

09.04.2022, 00:1411,420

Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi. Degişli karara döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

A.Begliýew öň nebitgaz ulgamynda dürli ýolbaşçy wezipelerde işledi. 2015-2017-nji ýyllarda «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk etdi, ondan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary bolup işledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.